Biz barada

“Milli ulgam” Hojalyk jemgyýeti “Akylly şäher” konsepsiýasy boýunça ýurdumyzyň çäginde hyzmat we önüm ornaşdyrmak boýunça ilkinji açylan ýerli kompaniýadyr.

Öz alyp barýan işimiziň çäginde “Akylly şäherler” üçin iň döwrebap tehnologiýalaryň ýurdumyzyň çäginde distribýuterligini ýerine ýetirýäris. Biziň müşderilerimize hödürleýän tehnologiýalarymyz diňe bir döwrebaplygy bilen tapawutlanman, eýsem, müşderileriň talaplaryna laýyklykda baha taýdan amatlylygy we ýokary hilliligi bilen hem tapawutlanýar.

Kompaniýamyzyň “Audit-Maslahat beriş” toparynyň ýardamy bilen taslamaňyzy, ýa-da binaňyzy “Akylly şäher” derejesine çykarmak üçin, isleg we talaplaryňyza bagly teklipler we maslahatlar alyp bilersiňiz.

Emeli intellekt bilen işleýän geljegiň tehnologiýalaryny şu günden durmuşymyza ornaşdyrmaga başlamak üçin bize ýüz tutuň!

Alyp barýan işlerimiz: “Audit-Maslahat beriş” işleri Ýüz tanaýan howpsuzlyk ulgamy. Ýol hereketini dolandyryş ulgamlary (kameralar, radarlar, we ýol yşyklary). Akylly öýler. Akylly şäherler üçin telekommunikasiýa çözgütleri. Akylly şäherler üçin kiberhowpsuzlyk çözgütleri “Milli” operatiw ulgamy

MILLI ULGAM TURKMENISTAN.